SOŇKY HABARLAR
Garagum çöli – özboluşly bioulgam we tebigy gözellikdir
Garagum çöli çägelik, mele toprak, toýunsow, daşly, çagylly, şor topraklardan ybaratdyr. Günortasy Köpetdagyň gözel jülgeleridir gaýalaryna direýän bu uç-gyraksyz düzlükde köllerdir gurak subtropik ýerler, daşly, toýunsow we gipsli düzlükler, ürgün çägeli ýaýylyp ýatan giden meýdanlar gabat gelýär. Merkezi we Gündogar Garagumyň, Murgap we Tejen derýalarynyň töwereginiň, Amyderýanyň sag kenaryndaky Sandykly çölüniň, Üçtagan gumunyň topragy bir- birine meňzeşiräkdir. Amyderýa, Murgap, Tejen derýal...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara çärelerine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýakyn aýlarynda geçiriljek halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şolaryň hatarynda 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygy bar. 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyn...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanowy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny we türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçili...
Türkmenistanyň ulag toplumynyň kuwwaty artýar
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça t...
Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi
Uly Balkan uç-gyraksyz Garagumda ýerleşýän daglyk ýerdir. Onuň tebigatynyň gözelligi ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Dag ýodalary aýlawly ýollar bilen depesi gerşli belentlige çykarýar. Balkan dagynyň iň beýik nokady Arlan deňiz derejesinden 1880 metr belentlikde ýerleşýär. Düzlüklerden heleňläp görünýän dag gerişleri diňe bir landşafty we özüne mahsus howasy bilen däl, eýsem bioköpdürlüligi bilenem tapawulanýar. Bu ýeriniň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň her bir görnüşi özboluşlydyr....
Туркменский учёный предлагает эффективные биотехнологии для агропроизводства
Вторичное использование коллекторно-дренажных, эффективная очистка и доочистка сточных вод, организация цикличного водопользования на производстве приобретают актуальность в условиях изменения климата, лимитированного водного запаса. Эта проблематика – одно из направлений деятельности ведомственных и научных институтов нашей страны. Цель – добиться в перспективе разделения природных и промышленно-хозяйственных вод, соблюдения экологических принципов выпуска сельскохозяйственной продукции, органи...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk özbek halkynyň abadançylygyny...