SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy barada hatlary alyşmaklyk gurnaldy
2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy. Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarap...
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy barada hat alyşmaklyk gurnaldy
2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşdylar. Şertnamany alyşmak barada degişli Teswirnama iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi. Ýokarda agzalan şertnama iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan strategik...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine geldi. Bu Sammitde döwlet Baştutanlary Hazar kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, aýratyn hem söwda-ykdysady, ekologiýa, tebigy serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika we şol sanda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleleri a...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş sapary bilen gitmekligi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar.
Türkmen telekeçileri briketlenen kömür çykarmagy özleşdirdiler
“Mert Peder” hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa önüm – grilde, barbekýuda tagam bişirmekde ulanylýan, şeýle hem mangalda, peçde, daş peçlerde ýakylýan, çadyrlary, ýyladyşhanalary ýylatmak üçin we gaýry zatlarda ulanylýan agaç-kömür briketleriň önümçilgini özleşdirdi. Briketlenen kömür öndürýän seh Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly” daýhan birleşiginde ýerleşýär. Agaç kömüri daşary ýurtdakylara ekologiýa taýdan arassa alternatiwadyr. Ol tebigy serişdelerden – oba hojalyk ö...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britan...
Agrosenagat toplumynyň netijeliligi azyk howpsuzlygynyň binýadydyr
Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy. Uzakmöhletli geljegi nazarlaýan döwlet maksatn...