img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 26-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanda Palestina Döwleti bilen dost-doganlyk gatnaşyklara möhüm ähmiýe...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti HHR-iň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. O.Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesini belledi. Ilçi duşuşmag...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen gepleşikler

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzma...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary...

DOWAMY