SOŇKY HABARLAR
Awazada halkara pudaklaýyn forum
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirilýär. Türkmenistana bu foruma gatnaşmak üçin 26 döwletiň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Azerbaýjan...
Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda
Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi. S.Meladze halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek baýrak eýesi bolmak bilen, 72 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji üç synanyşygyň çäklerinde agramy kesgitledi. Ol 182 kilogram agram bilen birinji synagyň hötdesinden geldi. Indiki gezekde ol 185 kilogramy üstünlik bilen götermegi başardy. 187 kilogramlyk agramy götermek üçin çykan je...
Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty
Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekiller...
Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi. Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapak...
Türkmenistanda transkontinental ykdysady gatnaşyklaryň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşylýar
Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymy...
«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly jahankeşdeler! Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna be...
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine, harby talyplaryna we harby okuwçylaryna
Hormatly harby deňizçiler! Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu baýram ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň bitewüligini üpjün edýän, eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, döredijilikli zähmetiniň ygtybarly goragynda duran deňizçileriň mertebesini has-da belende götersin! Berkarar Watanymyzyň edermen goragçylary! Biz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip...