TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mary şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşuryldy. Hormatly ýaşulular duz-çörek hödür edýärler. Din wekilleri eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähri...
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: obasenagat toplumy
Watanymyzyň taryhyna röwşen sahypa bolup giren 2017-nji ýyl köp sanly möhüm wakalara baý boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» kabul edildi. Şol maksatnama laýyklykda, obasenagat önümçiliginde hem hil taýdan okgunly ösüş gazanmaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalyk önümleriniň paýyny ep-esli artdyrmaly. Obasenagat top...
“Röwşen” nyşanly arassa gönden tikilen aýakgaplaryň görnüşi artdyrylýar
Marynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen “Röwşen” aýakgap fabriginde erkek adamlaryň aýakgaplarynyň täze ýigrimi görnüşi önümçilige ornaşdyryldy. Önümleriň ählisi arassa gönden tikilýär. Alyjylaryň isleglerine we ýörgünliligne laýyklykda önümleriň görnüşleriniň yzygiderli täzelenip durulmagy, hiliniň ýokarylygy olara ýurduň içinde öňe saýlanamaga we daşary ýurtly alyjylary özüne çekmäge mümkinçilik berdi. Hususan-da, oňa Eýranyň w...
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Senagat
Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga tarap ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglylykda 2017-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklary öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldular. Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan işleýän pudaklary innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrm...
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär. Olaryň çäklerinde...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gy...
Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işleri geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. “Türkmennebit” döwlet konsernine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişldeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we...