Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi

photo

Erkekleriň arasynda 89 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Türgenler birden götermek görnüşinde örän barabar çykyş etdiler, birinji orunda barýan bilen onunjy orundakynyň arasyndaky tapawut bary-ýogy dört kilograma barabar boldy. Şoňa görä-de, emele gelen ýagdaýda soňky synanyşygyň netijesi hormat münberine ýetirip bilýärdi ýa-da öňdäki on türgeniň hataryndan çykaryp bilýärdi.

Şunuň ýaly çylşyrymly ýagdaýa Çiliden Erleý Perez Mendez hem-de belarus türgeni Pawel Hadasewiç hötde geldiler. Olar 169 kilogram agramy göterdiler, ýöne Çiliden bolan türgen ýeňiş gazandy, çünki agramy ir galdyrdy. 168 kilogram agramlygy hem agyr atletikaçylaryň ikisi galdyrdy, ýöne bürünç medala Žor Esnaýder Torres (Kolumbiýa) eýe boldy.

Itekläp götermek görnüşinde dessine öňdebaryjylaryň ikisi saýlandy, özi-de, olaryň hiç biri birden götermekde ilkinji üçlüge düşüp bilmedi. Olar birinji synanyşykda 200 kilogramdan ýokary agramy buýrup, oňa üstünlik bilen hötde geldiler. Russiýaly Artýom Okulow 203 kilogram agramy, Ermenistandan Hakob Mkrtçan bolsa 205 kilogram agramy galdyrdy. Ermenistanly türgen şondan soňky çykyşlaryny üstünlikli ýerine ýetirip bilmedi. Russiýaly türgen bolsa 206 kilogram agramy hem galdyryp, diňe bir şu görnüşde däl, eýsem, umumylykda hem özüne altyn medaly üpjün etdi. Itekläp götermekde Wenesueladan Jowanni Walenilla-Sançes bürünç medaly eýeledi.

Görnüşleriň jemi boýunça Pawel Hadasewiç kümüş baýragyň eýesi boldy. Şunda üçünji orna Gruziýadan Rewaz Dawitadze mynasyp boldy. Mundan başga-da, ol birden götermekde 168 kilogram, itekläp götermekde 203 kilogram, umumylykda, 371 kilogram netije görkezip, ýetginjekleriň dünýä rekordlarynyň üçüsini goýdy.

Ýaryşyň ýarysyndan gowragy yzda galdy, ýöne iň uly agram derejelerindäki agyr atletikaçylaryň çykyşlary heniz öňde. Ýaryşlaryň ýedinji gününde janköýerler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungatlary sport toplumynda zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli we erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejelerinde çempion adyna eýe bolmak ugrundaky bäsleşiklere tomaşa edip bilerler.