RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Awg

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk hakynda

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara al...

DOWAMY
pic
7 Awg

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatla...

DOWAMY
pic
7 Awg

BMG-niň DÇBÖBD boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi. Geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlar...

DOWAMY
pic
7 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri duşuşyk geçirdiler

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi...

DOWAMY
pic
7 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu giň möçberli halkara foruma gatn...

DOWAMY
pic
7 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen resmi söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň...

DOWAMY
pic
7 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi h...

DOWAMY