TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji 29-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Pre...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly jemgyýetçilik-syýasy çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaradan öň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Pre...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhana...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Soňra “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýo...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy. Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatna...