RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Few

Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝB-niň institutlarynyň wekilleri,...

DOWAMY
pic
17 Few

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BSGG-niň guramagynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi. Forum köpçülikleýin howpsuzlyk we saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşi meselelerinde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin bitewi platformany döretmegi maksat edinýär. Çärede Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş...

DOWAMY
pic
13 Few

Состоялся телефонный разговор глав внешнеполитичеcких ведомств Туркменистана и Российской Федерации

12 февраля 2026 года состоялся телефонный разговор между Министром иностранных дел Туркменистана Рашидом Мередовым и Министром иностранных дел Российской Федерации Сергеем Лавровым. В ходе беседы стороны обсудили широкий спектр вопросов двусторонней повестки, уделив особое внимание практической реализации ранее достигнутых договоренностей, а также графику предстоящих контактов и совместных мероприятий. Подчеркнута значимость координации усилий в рамках многосторонних площадок, в частности...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýanyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Tomas Şteliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň netijeli...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mäh...

DOWAMY
pic
10 Few

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady...

DOWAMY
pic
9 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýa...

DOWAMY