SOŇKY HABARLAR
Akmaljon Kuçkarow: türkmen-özbek gatnaşyklary anyk many-mazmuna eýe bolýar
1-nji sentýabrda Özbegistan döwlet garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarowyň öz makalasynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Özbegistan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň biridir. Bütindünýa bankynyň her ýylky çykyşyna we hasabatyna görä, görkezijide 166-njy ýerden 74-nji orna çykan Özbegistan ykdysadyýeti has çalt ösýän dünýä ýurtlaryndan bäşinjisidir we ol 2017-nji ýylda işewürlik ulgamynda iň gowy...
XVIII tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy
Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşginli häsiýetine päsgel berip bilmedi. Ýygnananlar Indoneziýanyň Prezidentiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň çykyşlaryny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Myhmanlaryň hatary...
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni ir säher bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerine ideg etdi. Milli Liderimiz bu ýerde goýlan surat eserlerine, olaryň her biriniň aýratynlyklaryna, çeperçiligine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir sungat eseri ynsana ýakymly täsir edýär...
Türkmen atçylygy — dünýä metbugatynyň sahypasynda
Türkmenistanyň Döwlet sirki dynç güni nobatdaky möwsümini açdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Diýarymyzda täzeden dikeldilen sirk sungaty soňky ýyllarda ýurdumyzyň medeni durmuşynda hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alyş günlerinde görnetin hadysa öwrüldi. Milli sirk mekdebi berkäp, işjeň ösüşine eýe boldy. Biziň sirk artistlerimiz watandaşlarymyzy...
Türkmenistanda 2018 — 2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze mekdepler açyldy
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslendi, bu barada irden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi. Mekdep okuwçylary we talyplar Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Oku...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysyml...
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
29-njy awgustda ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekişine Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 22-nji awgustda, Gurban baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda geçirilen b...