Akmaljon Kuçkarow: türkmen-özbek gatnaşyklary anyk many-mazmuna eýe bolýar

photo

1-nji sentýabrda Özbegistan döwlet garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarowyň öz makalasynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Özbegistan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň biridir. Bütindünýa bankynyň her ýylky çykyşyna we hasabatyna görä, görkezijide 166-njy ýerden 74-nji orna çykan Özbegistan ykdysadyýeti has çalt ösýän dünýä ýurtlaryndan bäşinjisidir we ol 2017-nji ýylda işewürlik ulgamynda iň gowy netijeler gazanan ýurtlaryň onlugyna girýär.

Maýa goýumlaryna amatly şertleri, telekeçilik üçin bäsdeşligi we deň mümkinçilikleri döretmek maksady bilen 2018-nji ýyl Özbegistanda “Işjeň telekeçiligi, innowasion pikirleri we tehnologiýalary goldamagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Kabul edilen adybir Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde telekeçiligi hasaba almak, karz almak işleri, salgyt ulgamy has ýeňilleşdirildi. Bu we beýleki çäreler Özbegistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini has belende göterdi. Daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalar energetika, ulag we aragatnaşyk, maşyn gurluşygy, oba senagat toplumy, syýahatçylyk, bilim, saglygy goraýyş ýaly ileri tutulýan pudaklary öz içine alýar.

Ykdysadyýeti özgertmekde we önümçiligiň diwersikaşiýasynda ykdysadyýetiň ylmy tutumly pudaklaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, atom energetikasyny ösdürmek üçin “Uzatom” agentligi döredildi, “Rosatom” Döwlet korporasiýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Özbegistanda 2028-nji ýyla çenli atom elektrostansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar,- diýlip makalada aýdylýar.

Ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak arkaly adam mümkinçiliklerini ösdürmegiň meseleleri hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň üns merkezinde. 2018-nji ýylyň dowamynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, lukmanlaryň, ylmy-tehniki we professor-mugallymlar düzüminiň aýlyk haklary üç esse we ondanam köp ýokarlandyryldy. Mekdebe çenli bilim ministrligi döredildi, magaryf ulgamyna bilim bermegiň öňdebaryjy usulýetleri ornaşdyrylýar, öňdebaryjy halkara ýokary okuw mekdepleriniň filiallary we wekilhanalary açylýar. Daşkendiň etegindäki Ulugbek şäherçesinde innowasion ylym şäherçesini gurmak taslamasy amala aşyrylýar.

Syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi we wiza düzgüniniň ýeňilleşdirilmegi ykdysadyýeti ösdürmegiň degerli çäreleriniň biridir. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri döwletleriň ýedisiniň raýatlary üçin 30 güne çenli wizasyz düzgün hereket edýär, 39 ýurduň raýatlary üçin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmegiň tertibi ýeňilleşdirildi. 2018-nji ýylyň 15-nji iýulyndan başlap, Özbegistana girmäge elektron wizalary resmileşdirmek we bermek ulgamy girizildi we daşary ýurtly raýatlaryň Özbegistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna hökmany ýüz tutmagy düzgüni ýatyryldy. Şeýle hem 2018-nji ýylyň 15-nji iýulyndan başlap, goýberiş punktlarynyň üstünden 101 döwletiň Özbegistandan üstaşyr geçýän raýatlary üçin ýurda wizasyz girmek, onda wagtlaýyn bolmak we Özbegistandan çykyp gitmek düzgüni girizildi.

Makalada bellenilişi ýaly, gazanylan üstünlikleriň özeni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatydyr. Özbegistan özüniň strategik içeri we daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlarynda goňşy ýurtlaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň işjeň goldawyna daýanýar.

Özbek-türkmen gatnaşyklary däbe öwrülen dostlukly we hoşmeýilli goňşuçylyk häsiýete eýedir. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda kemala gelen açyk we ynanyşma häsiýetli gatnaşyklar häzirki döwürde köpugurly özbek-türkmen gatnaşyklaryny berkitmegiň esasydyr, - diýip özbek diplomaty belleýär.

Şu ýyl biziň ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny bellediler. 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary uly üstünlikli geçdi. Ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň saldamly toplumyna gol çekildi, Daşkentde beýik türkmen şahyry dana Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we “Aşgabat” seýilgähi, Ürgençde özbek-türkmen Dostlugy öýi açyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdi, olaryň ýokarlanmagyna söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň işi, Aşgabatda we Daşkentde gurnalan pudaklaýyn sergiler, telekeçilik forumlary uly itergi berdi.

Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär, bu ugurdaky gatnaşyklar sazlaşykly we durnukly ösüş ýolunda. Şu ýyl taraplar Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat ylalaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekligi üpjün etmek babatda duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler.

Özbegistan bilen Türkmenistan syýahatçylyk ulgamynda-da hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Pudagara, sebitara bileleşigi çuňlaşdyrmak hem-de iki ýurduň telekeçilik toparlarynyň göni gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk we ozara düşünişmek gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýär, syýasy gatnaşyklar berkidilýär, dürli ulgamlarda özara hereket giňeldilýär. Ýurtlaryň ikisiniň hem tagallalary köpugurly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, özbek we türkmen halklarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbitlerine netijeli özara herekete gönükdirilendir, - diýip özbek diplomatik wekilhanasynyň baştutany nygtaýar.