TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan Watanymyzyň baş baýramynyň öň ýanynda guralýan nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş öz ösüşiniň esasy ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýa...
«Altyn asyr» AFK Kubogynyň interzolak final duşuşygynda deňme-deň oýnady
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň interzolak finalynyň duşuşyklary başlandy. Olaryň barşynda şu gün Aşgabadyň “Altyn asyr” topary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” topary bilen duşuşdy. Oýun türkmen topary üçin bähbitli bolan 2:2 hasap bilen tamamlandy. Duşuşyk ýeňil bolmady — biziň toparymyzda hasaby iki gezek deňlemeli ýagdaý bolup, ikisinde-de jogap pökgini geçirmek bilen, olar ýur...
Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary
Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisi umumymilli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy. Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň hem-de bagtly öý eýeleriniň gatnaşmagynda täze jaýlaryň açylyş dabarasy uly baýram...
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty boldy
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe — ählumumy baýrama bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan hem-de Watanymyzyň ähli künjeginden gelen wekiller gatnaşdylar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek hoşniýe...
Türkmenistanyň wekiliýeti IV Hazar mediaforumyna gatnaşýar
Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň dolandyryş merkezinde IV Hazar mediaforumy geçýär. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we ilkinji gezek Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara, şol s...
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz ildeşler! Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere eýe bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin! «Türkmenistan — Beýik Ý...
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gatnaşyjylara
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraý...