Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym,

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Bitaraplyga, şeýle hem Türkiýäniň ses beren Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan wagtyndan bäri türkmen döwleti Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp, sebit durnuklylygynyň we ösüşiniň berkemegine saldamly goşant goşdy.

Siziň başlangyjyňyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi sebitde we Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ädim boldy.

Taryhy-medeni, ruhy arabaglanyşyklaryň hem-de gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanan dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlarda ösjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize — öz gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan, 
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size we doganlyk türkmen halkyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň hemmesiniň biragyzdan goldan we ykrar eden bu güni Siziň döwletiňiziň häzirki zaman taryhynda düýpli öwrülişik bolmak bilen ýurduňyzda gülläp ösüşi, parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde ähmiýetli waka bolup durýar.

Biz Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini doly we gürrüňsiz goldamak bilen onuň hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işine goşulyşmazlyk, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berýäris.

Biziň halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we çuňňur taryhy kökleri bar bolan, häzirki wagtda bolsa strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýeten dostluk-doganlyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de işjeň ösjekdigine ynanýaryn.

Gadyrly we hormatly doganym Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu şanly günde Size öz ýurduňyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli we yhlasly işiňizde egsilmez gujur-gaýrat we üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüşi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, 
Şawkat Mirziýoýew, 
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Ukrain halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplygy yglan etmegi Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň esasyny goýdy, saýlanyp alnan ýola ygrarlylyk bolsa mynasyp ykrara we hormata eýe boldy.

Ukrain halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň we Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň düýpli binýatlar bolmak bilen, ähli ugurlarda özara bähbitli ukrain-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Pýotr Poroşenko, 
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň. Hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugry hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurduňyzyň raýatlarynyň abadançylygyny ösdürmek üçin durnukly esas bolup durýar.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda täze giň gerimli amala aşmalaryň garaşýandygyna, dostlukly belarus-türkmen gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň bolsa mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigine ynanýaryn.

Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, ähli maksatlaryňyzyň we başlangyçlaryňyzyň amala aşmagyny, hemme türkmenistanlylara bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Aleksandr Lukaşenko, 
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Ýurduňyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, özüni parahatçylyk söýüjilikli Bitarap döwlet hökmünde görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelip, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm we täsirli şerti bolup durýar.

Häzir Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Ýurduň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işini kämilleşdirmäge goşýan goşandy hem uludyr.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etjek täze ýylynda biziň umumy tagallalarymyz Arkalaşygyň giňişliginde goşulyşmak gatnaşyklarynyň netijelerini has-da berkitmäge we artdyrmaga ýardam eder.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly

Mälikgulyýewiç, Size jan saglygyny, abadançylyk hem-de köpugurly döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen, 
Sergeý Lebedew, 
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýerine ýetiriji sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň milli baýramçylygy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan we öz adymdan gutlaýaryn.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň kepillendirijisine öwrüp, başlangyçlar bilen çykyş etmäge hem-de giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Siziň ýurduňyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni hakynda Kararnamasy bilen tassyklanyldy.

Belarus Respublikasynda geçen ýyllarda ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine ýokary baha berýärler, şeýle hem köpugurly belarus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna buýsanýarlar. Öz tarapymdan Siziň Belarus Respublikasyna aýratyn garaýşyňyz, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek işine goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jan saglygyny, bagtyýarlyk, egsilmez döredijilik ylhamyny, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylygy we rowaçlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen, 
Mihail Mýasnikowiç, 
Belarus Respublikasynyň 
Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy.