SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy we olary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada, şeýle hem özara gyzyklandyrma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri barada pikir alyşdylar. Prezidentler ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol ç...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Irden owgan Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormatly nyzamynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna ugrady, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostla...
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabada resmi sapar bilen geldi
Şu gün agşam Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi. 21-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçiriler. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyk iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Iki döwletiň halklaryny bolsa köpasyrlyk dostluk däpleri, taryhy kemala gelen ruhy-me...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Türkmenistan ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, olary tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýar. Amatly geosyýasy we ykdysady ýagdaýy, uglewodorodlaryň baý ýataklary, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýöredýän syýasaty netijesinde Diýarymyz soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumynda eýeleýän ornuny halkara derejede berkitdi. Türkmenistan deňhukukly...
Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze jaý toýlary tutuldy. Bu şatlykly waka bilen täze öý eýelerini welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gutladylar. Döredijilik toparlarynyň ajaýyp aýdymdyr sazly çykyşlary baýramçylyga ýakymly öwüşgin çaýdy. 40 maşgala niýetlenen dört gatly täze jaýlar «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan paýly esasda bina edildi. Täze bi...
Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolarda maşgalalaryň kyrkysy jaý toýlaryny tutdular. Dört gatly täze jaýlar Şagadam köçesiniň ugrunda bina edildi hem-de bu ýerde kemala gelýän ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölegine öwrüldi. Jaýlaryň biri «Daşoguznebitgazgurluşyk» edarasynyň 4-nji gurluşyk müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisi “Diýaryň kärhanasy» hususy kärhanasynyň işçileri tarapyndan bina edildi....
Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar
Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy sanlaşdyrma ulgamyna esaslanan ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin, ilkinji nobatda, bu işe gatnaşjak ýaşlary okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin t...