Türkmenistan Owganystanyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrýar

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina — Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, taýýarlanylan taslama biziň döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna netijeli logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň güýzünde ulanmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň birinji halkasy bolup durýar. Şu ýol açylmazdan ozal, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda daşalýan ýükleriň ählisi Serhetabat — Turgundy we Kelif — Termez — Mazari — Şarif demir ýol geçelgeleri arkaly gelip gowuşýardy. Bu demir ýoluň zerurlygy äşgärdir hem-de onuň ähmiýeti täze logistik ýollaryň birikdirilmegi bilen has-da artar.

Häzirki döwürde Türkmenistan we Owganystan goňşy ýurduň çäginde bu ýoluň gurluşygyny dowam etmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şu günki çäre hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar we şunda biziň işgärler we maddy serişdelerimiz — işçilerimiz, inženerlerimiz, tehnikalarymyz, şol sanda ulaglarymyz we kranlarymyz, gurluşyk serişdelerimiziň we beýlekileriň netijeli ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Döwrebap tehnikalar we enjamlar, işiň sowatly hem-de sazlaşykly guralmagy gurluşygyň depginini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umuman, türkmen hünärmenleri diňe bir polat ýollary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, ugurdaş düzümiň desgalaryny hem abadanlaşdyrýarlar.

Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen araçäge çenli uzaltmak, soňra Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy netijesinde, goňşy ýurduň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek üçin ajaýyp mümkinçiligi peýda bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilýän şu we beýleki ýollar hem-de gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyryp, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder. Şu günki dabaralara gelen Türkmenistanyň wekiliýetini Farýab welaýatynyň, Owganystanyň demir ýol ulagynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň we din wekilleri, Akina menziliniň işgärleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar mähirli mübäreklediler.

Şu günüň özünde Lebap welaýatynyň Ymamnazar menzilinden goňşy ýurda tarap Akina — Andhoý demir ýol şahasyny gurmak üçin zerur bolan döwrebap tehnikalar we gurluşyk serişdeleri ýüklenen wagonlar ugrady.

Owgan tarapynyň wekilleri ýurduň ýolbaşçylarynyň hem-de tutuş owgan halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli goldaw we kömek berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, düýn, 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alnyp, Owganystan Yslam Respublikasyna kömek bermek maksady bilen, Aşgabatdan goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwer ýüküň uly tapgyry ýüklenen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.

Ine, şu gün awtoulag kerweni Owganystan Yslam Respublikasyna geldi. Munuň özi ýurdumyzyň milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we döredijilik syýasatyna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Muzdsuz kömek hökmünde doganlyk owgan halkyna derman hem-de lukmançylyk maksatly serişdeler, dokma önümleri we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, okuw kitaplary we esbaplary, süýji-köke we beýleki önümler ugradyldy.

Ýurdumyzyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar hem-de Dokma senagaty ministrlikleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu ynsanperwerlik çäresini taýýarlamaga saldamly goşantlaryny goşdular.

Owganystanyň welaýatlarynyň ýolbaşçylary we ilaty ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, türkmen döwletiniň häzirki wagtda parahatçylykly we durnukly durmuşy gurýan goňşy ýurt bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy bilen şertlendirilen türkmen halkynyň bu hoşmeýilli erk-islegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistan möhüm taslamalaryň birnäçesiniň, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek, Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalary yzygiderli amala aşyrýar.

TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Munuň özi giň möçberli we uzak möhletli halkara energetika taslamasy bolup durýar. Şol taslamanyň amala aşyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň berk gözegçiliginde durýar. Bu giň gerimli taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ençeme welaýatlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer, ýerli hünärmenler üçin täze iş orunlarynyň müňlerçesini döreder.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler ulag ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerine degip geçmek bilen, Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesiniň (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) uly ähmiýetini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, yklymara geçelgesiniň netijeli ulanylmagynyň bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge oňyn täsir etjekdigi, giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýän Owganystan özüniň oba hojalyk önümlerini ýerlemek üçin goşmaça bazarlary we söwda-üstaşyr ýollary işjeň gözleýär. Şeýlelikde, Akina — Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döretmäge mümkinçilik berer, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Ýygnananlar şu günki çäräniň Türkmenistanyň Owganystan hem-de goňşy döwletleriň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar. Goňşy döwletleri çäk taýdan ýakynlygy, çuňňur taryhy kökleri, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy, özara ykdysady gyzyklanma, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilleri baglanyşdyrýar.

Dabaralary guraýjylar Owganystanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we durmuş ulgamlarynda başyny başlan iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirýändiklerini bellediler. Şol başlangyçlar bolsa tutuş sebite abadançylyk we rowaçlyk getirýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler owgan halkynyň bu goldaw-ýardama ýokary baha berýändigini hem-de doganlyk türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna sarpa goýýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasy ulgamda dünýä ösüşiniň esasy meseleleri boýunça toplan uly tejribesi hem şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Bu gatnaşyklar bolsa taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşligine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Hususan-da, goňşy ýurt ençeme gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Owganystan Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzümlerine saýlanylanda Türkmenistanyň kandidaturasyny hemişe goldaýar. Ýurtlaryň ikisi hem halkara guramalarda birek-biregi goldamagyň bu tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýilli bolup, sebit we ählumumy meseleleriň ençemesi boýunça syýasy-diplomatik usullar arkaly yzygiderli hem-de ylalaşykly gatnaşyk edýär.

Türkmenistan we Owganystan sebitde berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmegiň ileri tutulmalydygyny, ysnyşykly hem-de netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şu maksada ýetmek we sebitdäki oňyn ýagdaýlary işjeňleşdirmek üçin esasy şertleriň biri bolmalydygyny aýratyn belleýärler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-ä we beýleki halkara hem-de sebit düzümlerine sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň gurallaryny döretmekde, degişli syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny yzygiderli nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz kabul edilen resminamalaryň, hususan-da, 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýa üçin hereketleriň bilelikdäki meýilnamasy esasynda has ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän ähli halkara düzümleri netijeli hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Syýasy we ykdysady ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlykdan başga-da, biziň goňşy döwletlerimiz bilim ulgamynda hem işjeň gatnaşyk edýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň ýaş nesli, hususan-da, onuň intellektual ukyplary baradaky aladasy netijesinde owgan ýaşlarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim aldylar we eýýäm Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda owgan ýaşlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde, şol sanda oba hojalyk, mugallymçylyk, energetika, ulag- kommunikasiýa institutlarynda, şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýarlar. Türkmenistan mundan beýläk hem şeýle tejribäni dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemezligi, taraplaryň ikisiniň hem sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygy, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga, giň möçberli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistan tarapyndan sebitde giň möçberli ulag düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara Owganystany çekmek bu ugurdaky möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylmagy hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli şu gün geçirilen dabaralar häzirki wagtda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygynyň hem-de ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek üçin anyk çäreleriň görülýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Artistleriň we döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary şu günki dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.