TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ÝUNESKO-NYŇ BILERMENLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda, “Ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygynyň Ýüpek ýolunuň ugrundaky sportyň we oýunlaryň adaty görnüşleri” atly mowzugyna bagyşlanan bilermenleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili we ÝUNESKO-nyň wekili çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Ýüpek ýoly taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy bol...
ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝININDE ÝERLEŞÝÄN ÝURTLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA TÄZE MAKSATNAMASYNA BAGYŞLANAN WIDEOMASLAHAT
2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabatda Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasyna (ADBM-4) bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu çärä Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-niň) Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli bilermenleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň başynda milli bilermenler öz ýurtlarynyň taslamalaýyn tekliplerini taýýarlamak boý...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ha...
Döwrebap tehnologiýalar — importuň ornuny tutýan önümçiligiň ösüş binýady
Şu gün paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi importuň ornuny tutýan bölümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary...
Türkmenistanda Utgaşdyryjy komitetiň hökümetara mejlisi geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji duşuşygy açyldy. Umumy mejlisleriň gün tertibine gadymyýetde we orta asyrlarda Gündogar bilen Günbataryň arasynda kerwenli söwdanyň hereket etmegi bilen baglanyşykly ýadygärlikleriň transmilli ugruny taýýarlamak baradaky meseleler girizildi. Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolmak bilen, häzirki wagtda halklaryň we ýurtlaryň ýakynl...
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabin...
Milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy. Türkmenistanyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän gyş paslynyň ilkinji pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Ahalteke bedewleriniň ýanynda bu has-da ýiti duýulýar, olar tebigatyň sazlaş...