Türkmenistanyň Prezidenti Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine we «Türkmen sährasy - 2019» atly halkara awtosergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

photo

Hormatly halkara sergilere gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda — Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän bu giň möçberli we many-mazmuny boýunça ägirt uly ähmiýete eýe bolan çäreler diňe bir Hazarýaka döwletleriň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň hem söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde bar bolan giň mümkinçiliklerini ýakyndan tanyşdyrmakda uly orun eýeleýär.

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirmek bilen, Hazarýaka sebitdäki, şeýle hem dünýädäki hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldýär, bu bolsa milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürilmegine itergi berýär.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde guralmagynyň öz aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki Hazar deňzi Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde örän wajyp orun eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň bolsa, diňe bir harytlaryň däl-de, eýsem, syýahatçylygyň, ylmyň soňky gazananlarynyň, esasan hem, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.

Eziz adamlar! 
Mähriban dostlar!

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly goşulyşmak maksadyna eýermek bilen, okgunly ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösdürmek döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklar babatyndaky syýasatynyň özenini düzýär.

Dünýäde gazanylan iň soňky innowasion çözgütler bilen tanyşdyrjak bu sergilere gatnaşyjylar özleriniň taslamalaryny görkezerler. Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, sebitdäki ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly mümkinçiliklere ýol açar.

Bu halkara sergileriň ata Watanymyzyň, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny we söwda, ulag-üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigine, şeýle hem Hazar sebitindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň taryhynda ilkinji we möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýaryn. Hazar deňzi bolsa, elbetde, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we rowaçlygyň deňzi bolar!

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.