SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary B.Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türki geňeşiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler, bu bolsa tutuş sebitde ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Gepleşikleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ 108-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ženewada Milletler Köşgünde Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisi öz işine başlady. Plenar mejlisinde HZG-nyň agza ýurtlarynyň 40-dan gowrak döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň çykyş etmeklerine garaşylýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eder, Türkmenistanyň HZG-daky agzalygynyň geçen 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygy ösdürmek we on...
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň...
AŞGABATDA «AMYDERÝANYŇ AŞAKY AKYMYNDA EKOULGAMLAÝYN ÇEMELEŞMÄNIŇ ESASYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAK WE EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ob...
KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI GEŇEŞMELERI
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-7-nji iýuny aralygynda Ýerewan şäherinde daşary syýasy edaralaryň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça birinji türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän konsullyk meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. ...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.