TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“Türkmenkabel” zawodynyň işgärleri şu ýerde tikilýän iş eşigi bilen üpjün edildi
“Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň Aşgabadyň “Türkmenkabel” zawodynda ýörüte iş eşiklerini tikýän seh açyldy. Tikinçiler önümçilikde işlemeklige niýetlenen toplumlary - keltekçeleri we jalbarlary çykarmagy özleşdirdiler. Şeýle hem iş elliklerini çykarmak ýola goýuldy. Sehde her gün ýüz topluma golaý eşik taýýarlanylýar. Tiz wagtdan önümçilik kuwwaty üç esse artdyrylar. Bu ýerde kärhanalaryň we firmalaryň logotipi goýlan korporatiw eşikleri, zenan halatlaryny we beýleki önümleri çykarmagy göz...
Poçta aragatnaşygy hyzmatlarynyň çägi giňelýär
“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy täze hyzmatlary ornaşdyrdy. Kompaniýanyň www.turkmenpost.gov.tm internet-sahypasynda onlaýn düzgünde poçtadan ugradylýan zatlary ibermek üçin çapar çagyrmak mümkinçiligi döredi. Netijede hatlary we posylkalary ýurduň islendik nokadyna, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň 190-syna ibermek üçin wagt azaldylýar. Mundan başga-da, internet arkaly zat satyn almak, nagt däl töleg geçirmek we harytlary öýüňe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik b...
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň oňyn netijeleri
“Ak durna” hususy kärhanasy her gün Daşoguzyň söwda nokatlaryna ýüzlerçe kilogram täze balyk ugradýar. Kepiriň, akmarkanyň, çapagyň we beýleki balyklaryň alyjysy ýetik. Şu ýyl “Ak durna” sebitde balyk ýetişdirmeklige we tutmaklyga ýörüteleşdirilen iň uly hususy kärhana boldy, bu bolsa bäsleşik esasynda ozalky “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagynyň oňyn netijesidir. Kärhananyň täze eýelerine edara jaýy, kakadyjy we sowadyjy sehli senagat zolagy, motorly gaýyklaryň onlarçasy ýet...
Lebap welaýatynda ýene bir guşçulyk toplumy işe girizildi
Lebap welaýatynda 500 tonna ýokary hilli towuk etini we 2,5 million ýumurtga öndürýän döwrebap guşçulyk toplumy işe girizildi. Ony Çärjew etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Eşret” daýhan birleşiginiň işgärleri gurdular. Önümçilgiň başlangyç tapgyrynda bu ýerde 20 müňe golaý guzlaýan towuk we ete niýetlenen jüýjeleriň 25 müňüsi saklanylýar. Olary döwrebap tehnologiýalar boýunça saklamak, idetmek, towuk etini gaýtadan işleme...
Oba ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili gowulanýar
Türkmen aragtanaşykçylary ýurdumyzyň alysdaky ilatly ýerlerinde aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlaryny ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Täze ýylyň öňüsyrasynda “Altyn asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň obalarynyň on ikisinde 2G we 3G ölçegli binýatlaýyn stansiýalaryň we anten-diň desgalarynyň oturtma hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini tamamladylar. “Altyn asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleri gum obalarynda Gün e...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärler...