RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganyst...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki we geljekde mümkinçilikleri bar bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki köpýyllyk we n...

DOWAMY
pic
21 Okt

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň, şeýle...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistan we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak f...

DOWAMY
pic
19 Okt

Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler hem-de halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantuň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar. Syýasy dialogyň we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyş...

DOWAMY
pic
19 Okt

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara...

DOWAMY
pic
19 Okt

Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeje Odongonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ugandanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn ä...

DOWAMY