Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi.
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy.
Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Forumyň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryna orun berildi.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, biodürlüligi goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Hazar sebitinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.
2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe süren Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, ekologik meseleleri çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek barada öňe süren teklibiniň ähmiýetine üns çekildi.
Çykyşlarda Hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan tassyklanylan döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň degişli edaralarynyň alyp barýan işleri barada-da maglumat berildi.
Nygtalyşy ýaly, Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr.
Soňra daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekillerine söz berildi.
Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Hazar deňzi hem ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu mesele ylmy taýdan esaslandyrylan, bilelikdäki çemeleşmäni talap edýär.
Çykyş edenler ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna we bilelikde iş alyp barmak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, sebitleýin integrasiýa, üstaşyr gatnawlar hem-de ulag arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly beýan edilen düzümleýin özgertmelerdir çäreler Hazar sebiti hem-de Merkezi Aziýa üçin aýratyn möhümdir.
Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär.
Mundan başga-da, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň çäklerinde 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn berildi.
Şunda innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary, gözegçiligiň hem-de monitoringiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, emeli aň, maglumat platformalary ýaly çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigine üns çekildi.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Ol syýasaty, ylmy, maliýe serişdelerini we innowasiýalary birleşdirýän platforma öwrülip biler. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekoulgamlary dikeltmek babatda alnyp barylýan işleri tizleşdirip biler.
Şeýle-de çykyşlarda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we ekologik abadançylygy üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazaryň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilişini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
***
Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan maslahata gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.