img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine ýokary baha berildi. Döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakda syýasy dialogyň hem-de dürli derejelerdäki özara gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga, şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Sasaki Hirosä Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy, şeýle hem diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hökmünde alyp baran netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, ýapon diplomaty Türkmenistanda diplomatik işini alyp baran döwründe görkezilen goldaw we ýardam üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin döredilen öňyn şertleri aýratyn nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Sasaki Hirosä geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.