Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Milli Liderimize hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu saparyň möhüm waka bilen utgaşýandygyny — 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna synçy derejesini bermek hakyndaky meseläni bu Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizmek baradaky haýyş bilen Walentina Matwiýenko hat iberilendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Mejlisine bu derejäni bermek baradaky teklibiň W.Matwiýenkonyň şahsy başlangyjydygyny aýratyn nygtap, ýurdumyzda bu başlangyja ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de munuň üçin RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki tarap hem A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň täze binasyny gurmak, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, paýtagtymyzda A.S.Puşkin adyndaky teatryň täze binasyny hem-de Dostluk binasyny gurmak ýaly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin köp işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri, hususan-da, Sankt-Peterburg şäheri, Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2027-nji ýylda möhüm wakanyň — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýörite bilelikdäki mejlisini, bu senä bagyşlanan çäreleri geçirmek, olara iki ýurduň parlamentarileriniň gatnaşmagy we şunuň bilen bagly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada teklip beýan edildi. Gahryman Arkadagymyz bu meselä seretmegi hem-de ylalaşylan ýagdaýynda, degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Walentina Matwiýenko GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu çäräniň Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça wajyp çözgütleriň kabul edilendigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.