TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny belläp, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak we saglygy goraýyş ugurlarynda ö...
В Авазе открылся Инвестиционный форум Туркменистана -TIF 2025
18 сентября 2025 года в Национальной туристической зоне «Аваза» официально открылся Инвестиционный форум Туркменистана (TIF 2025). Это масштабное мероприятие, направленное на привлечение иностранных инвестиций, объединило более 800 делегатов из 45 стран. Среди участников — высокопоставленные государственные деятели, руководители крупнейших международных корпораций, главы инвестиционных банков и ведущие эксперты. Форум открылся обращением Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, ко...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Köp sanly wehimleriň ýüze çykmagy hem-de ynanyşmak derejesiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän häzirki ýönekeý bolmadyk halkara ýagdaýlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny, ýokary abraýyny özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy hem-de...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz w...
Türkmenistanyň DIM-de Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn ü...
Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Geňeşmeleriň gün tertibi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň...