TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen geldi
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Prezidentiň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri g...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merk...
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Kuweýt Döwletine geldi
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň aw...
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Tür...
Aşgabadyň ýüpek egirme fabriginiň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenilýär
Türkmenistanyň dokma pudagynyň iň baýry kärhanasy 1928-nji ýylda işe girizildi. Ençeme ýyllyk taryhynda ol 1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinden soň ýene täzeden dikeldilip, dünýä bazarlarynda islegli harytlar öndürilýän ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilige öwrüldi. Eksporta alnan ugur strategiýasynyň jähtinden dokma senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ýüpekçilik gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdýar.Ýüpek mata we ondan beýleki önümleri öndürmegiň, aýratynam...
Milli we halkara bilermenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça iki günlük seminar geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdelri baradaky döwelt komiteti Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde “ Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Merkezi Aziýada durnuklly ösüş üçin ýerden durnukly peýdalanamak” sebit maksatnamasynyň çäklerinde gurady. Duşuşyk Türkmenistanyň “Öri meýdanlary hakynda” Kanunyna kanunçylyk namalaryny taýýarlamaga gönükdirilendir...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjand şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 6...