TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Mejlisiň gün tertibine 12 mesele girizildi. Olar syýasy, ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edilmegine, DIM-niň ugry boýunça özara gatnaşyklara degişlidir. Howpsuzlygyň üpjün edilmegine, jenaýatçylygyň garşysyna göreşe hem-de halkara terrorçylyga garşy durulmagyna, şeýle hem hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary magluma...
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde ähli halklaryň baýramçylygy bolan Bütindünýä saglyk gününi giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän hem-de tutuş ýurdumyzy gurşap alan köp sanly sport çäreler...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bütindünýä saglyk güni dostlugy...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň ilkinji maslahatyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ilkinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy hem-de deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, pyýadalap Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasyna tarap ugrady. Milli Liderimiz ýolugra egindeşlerine paýtagty...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy
Hormatly deputatlar! Men, ilki bilen, saýlawçylaryň ýokary ynamyny gazanyp, Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlary tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halk wekilleri bolan siziň ýakyn bäş ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmäge hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Hormatly deputatlar! «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, biz b...
Türkmen wekilýeti Owganystan boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Daşkentde “Parahatçylykly ýagdaý, howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk we sebit özara hereketi” atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Forumyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Russiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýobaşçylary, Hindistanyň daşary işler Döwlet ministri, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň...