RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Sen

AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR

Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ý...

DOWAMY
pic
12 Sen

V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar.  Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...

DOWAMY
pic
12 Sen

AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň paýtagty „Aşgabat 2017“ Oýunlaryny toý lybasyna beslenip garşy alýar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, söýgügüniň, ylhamyň we ýaşlygyň şäheri Aşgabat giň köçeleri bilen bize gujak açýar, saýaly baglarydyr seýilgähleri bilen bagryna basýar, şadyýan gün öz mähri bilen gallap alýar.  Müdimi ýaş güneşli Aşgabat gözel binalarynyň ajap sazlaşygy bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Köçeleridir şaýollary giň, bagy-bosn, täzeden- täze meýdançaly, çüwdürimli-seýilgäh toplumly, kaşaň desgaly ak mermere bürenen şäherimiz Gündogaryň merjenidir. Onuň başy belent binala...

DOWAMY
pic
8 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJANA RESMI SAPARY

2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tar...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
19 Iýul

BAKUDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 19-njy iýulynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň we Türkiýe Respublikasynyň  Daşary işler ministri M.Çawyşoglunyň dördünji duşuşygy geçirildi.          Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda geçiriljek üç döwletiň Baştutanlarynyň Sammitine taýýarlyk görmek duşuşygyň esasy maksady boldy.          Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary üç ýurduň arasyndaky g...

DOWAMY