SOŇKY HABARLAR
Алексей Миллер: мы приступаем к предметным переговорам по возобновлению закупок туркменского газа
По завершении приёма у Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова председатель правления ПАО «Газпром» Алексей Миллер дал интервью TDH. – Туркменистан, обладающий богатейшими газовыми запасами, является нашим традиционным партнером в энергетической сфере. В настоящее время действует межправительственное соглашение между Российской Федерацией и Туркменистаном о сотрудничестве в газовой сфере до 2028 года и подписанный контракт с аналогичным сроком. В последнее время действовала «комм...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny hem-de türkmen halkyna abadançy...
Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilçilik etmeginde ASA-nyň — elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan guramanyň doly hukukly a...
Awazada halkara pudaklaýyn forum
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi açyldy. Onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirilýär. Türkmenistana bu foruma gatnaşmak üçin 26 döwletiň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Ispaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Azerbaýjan...
Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda
Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi. S.Meladze halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek baýrak eýesi bolmak bilen, 72 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji üç synanyşygyň çäklerinde agramy kesgitledi. Ol 182 kilogram agram bilen birinji synagyň hötdesinden geldi. Indiki gezekde ol 185 kilogramy üstünlik bilen götermegi başardy. 187 kilogramlyk agramy götermek üçin çykan je...
Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara okuw maslahaty
Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekiller...
Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi. Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapak...