TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 27 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de okgunly ösüş arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy...
Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Bu baýram özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyş...
Milli ýörelgeler — türkmen halkynyň ruhy binýady
Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessur...
Berdimuhamet Annaýewiň edermenligi bilen ýaşlarymyzyň watançylyk ruhy ýokarlanýar
Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebe gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 24-nji sentýabrda Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly...
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin döwlet sylaglary
Şu gün paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, düzümleriň we guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň berlendigini aň...
Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna «Hormatly il ýaşulysy» ady dakyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar. Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan ýeňişlerinde, mähriban...
Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp ga...