TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagyn...
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem-...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni-sport festiwaly açyldy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3x3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlary özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, festiwal Hazaryň kenar ýakasynda şu hepdäniň dowamynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federa...
Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylara
Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşýan mähriban çagalar! Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn! Doganlyk Azerbaýjan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen mähriban çagalar, eziz myhmanlar,...
Halkara logistika maslahatynyň netijeleri jemlendi
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu iri ýöriteleşdirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) tarapyndan “Heavy World” we “Ýük ulag merkezi”...
AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umma...