RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Few

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...

DOWAMY
27 Few

Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeý...

DOWAMY
26 Few

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boýunça metbugat beýannamasy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň gün-tertibine «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýet...

DOWAMY
24 Few

HHR-iň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň  DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we onuň özara düşünişmek hem-de birek-biregi goldamak häsiýete eýedigi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ik...

DOWAMY
23 Few

Aktau şäherinde “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyna hem-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylyň şygaryna bagyşlanyp dabara geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, Gazagystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar...

DOWAMY
23 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tege...

DOWAMY
23 Few

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda...

DOWAMY