TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Bu ýokary derejedäki Sammi...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLETARA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALARYNYŇ IŞ MASLAHATY
2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň işiniň çäklerinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahaty geçiriler. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylary - Durnukly ösüş b...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETARA SUW HOJALYK UTGAŞDYRYJY KOMISSIÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISI
2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky 74-nji mejlisi geçiriler. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň suw hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary - Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy komissiýasynyň agzalary, şeýle hem ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylary gatna...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Imran Hana Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Pakistanyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagt, şeýle hem Pakistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz öz hatynda Kofi Annanyň görnükli syýasatçy we beýik şahsyýet bolandygyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halklaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigini bellä...
Türkmen türgenleri XVIII tomusky Aziýa oýunlaryna girişdiler
Indoneziýanyň paýtagty Jakartada 18-nji awgustda “Bung Karno” stadionynda açylyş dabarasy geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň şu günki, ilkinji gününde, Türkmenistanyň türgenleri erkin göreş we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Erkin göreşde biziň türgenlerimiziň arasynda Batyr Borjakow oňat netije gazandy. Ol 65 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanmakdan sähelçe asgyn geldi. 1/8 finalda biziň pälwanymyz 12:2 uly artykmaçlyk bilen wagtyndan öň, Indoneziýadan bo...