SOŇKY HABARLAR
Edermen daýhanlarymyzyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ýo...
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Edermen babadaýhanlar! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan begenjiniň...
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançyly...
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly geçýär
Çeper filmleriň bäşisi we animasiýa filmleriniň biri şu gün paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda açylan ýapon filmleriniň festiwalynyň maksatnamasyny düzdi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, talyp ýaşlar hem-de dostlukly ýurduň medeniýeti bilen gyzyklanýan we ýapon dilini öwrenýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara 2013 — 2...
Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ýalkym Nuryýew (70 kilogr...
Biziň pälwanlarymyz — sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň eýeleri
Buharest (Rumyniýa) şäherinde geçirilen sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň dördüsi ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Çarymyrat Annagurbanow çykmagy başardy. 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgenleriň on ikisiniň hatarynda biziň...