TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Pankin bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna gysgaça syn berildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça teklipler aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen-rus hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. Ýokary derejede, şol sanda halkara ähmi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylyk bilen aragatnaşyklar we global derejede köptaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretary Danut Sebastýan Nekulaeskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bell...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara bitaraplyk güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýylbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy dialogy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe meselelere seredip geçdiler. Taraplar ýokary derejede syýasy gepleşikleri g...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY AŞGABATDA DUŞUŞDYLAR
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda syýasy hökümetara gepleşikleriniň ýokary depginini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerine garadylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň toplumynyň ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdiler. Geçirilen gepleşikleriň çäginde ikitarapla...
AŞGABATDA TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça direktory Şefik Wural Altaý bilen duşuşyk geçirildi. Açyk, işewür we konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki daşary sy...
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň raýatlylygyna kabul edilen adamlar raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülme...