TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi - sebitiň ýük akymlarynyň “altyn halkasy”
Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady. Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň sebit logistika ulgamyna girizilmegi ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi hasaba alnanda, ykdysadyýetimizi ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz...
Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de ugl...
Resmi habar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň rysgaly we azyk garaşsyzlygynyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak,...
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy jenap Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäheriniň Halkara howa menziliniň golaýynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garynd...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşm...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur Be...
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY
2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy. Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeň...