TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...
«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Hormatly adamlar! Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara serginiň we ylmy maslahatyň bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de yzygiderli ösdürmek babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygy...
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we durmuş-medeni ulgamyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny gelejekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalary...
Türkmen žiwopisçileriniň eserlerinde hasyl baýramynyň waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli tematiki sergi açyldy, onuň merkezinde Gennadiý Babikowyň türkmen halkynyň zähmetsöýerligini we myhmansöýerligini wasp edýän natýurmorty goýlupdyr. Sahawatly türkmen topragynda Gün yssysy-ýylysy siňen ter miweler – kesilip goýlan gawundyr garpyz, nar, beýi, üzüm nepisden özüne çekiji çekilip, sazlaşykly ýerleşdirilipdir. Saparmämmet Meredowyň “Toprak” atly suraty çuň many-mazmuny bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Goja daýhan janypk...
Edermen daýhanlarymyzyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi, bu baýramçylyk däp bolşy ýaly, oba hojalyk ýylynyň, daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däpleri, jebisligi, zähmetsöýerligi, asyllylygy öz beýanyny tapdy. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýyly oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň bereketli saçagyny artdyran ýo...
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de...