SOŇKY HABARLAR
EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media-forum geçirildi. Media-foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri, syýasatşynaslar hem-de žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşdylar. Halkara media-forumyň başynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ITOCHU CORPORATION» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen «ITOCHU Corporation» ýapon kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň täze bellenen başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ «SOJITIZ EUROPE PLC.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň «Sojitiz Europe plc.» kompaniýasynyň Prezidenti Satoru Takahama bilen bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlarda üstünlikli özgerip hil taýdan tä...
MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Marokko Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Sultan ş.) Abdeljalil Saubri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Marokko Patyşalygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde giňeltmek hakynda pikir alşyp, taraplar ulag, deňiz gatnawlary, syýahatçylyk ulgamlary bo...