SOŇKY HABARLAR
KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI GEŇEŞMELERI
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-7-nji iýuny aralygynda Ýerewan şäherinde daşary syýasy edaralaryň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça birinji türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän konsullyk meseleleriniň birnäçesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. ...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...
В Актау отметили Всемирный день велосипеда
Пропаганда здорового образа жизни, внимание к экологически чистым транспортным средствам в обществе привели к неуклонному росту популярности велосипеда. Сегодня в парках и на улицах города можно заметить большое количество подростков и людей старшего возраста, которые с большой охотой крутят педали двухколесного транспортного средства. Этот вид спорта, доступный для людей разных поколений, помимо радости способен приносить существенную пользу для здоровья. Впервые во многих странах м...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLÝUSIÝANYŇ KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING
2019-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, Türkmenistanda akkredi...
AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...
PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş et...