TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy. Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy. Iki çempionyň arasynd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ PEKINIŇ HALKARA IŞEWÜRLIGI WE YKDYSADYÝET UNIWERSITETINDÄKI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 3-9-njy marty aralygynda düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instutynyň prorektorlary bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Gazna biržasynyň, Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Pekin şäherindäki brokerlik hyzmatlary boýunça konsalting kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşuklary geçirdiler. Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we türk...
MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi mata, hojalyk we mebel pamygy, nah ýüplük, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: RF, BAE, Türkiýe, Est...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenip, merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň bele...
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 10 — 13-nji marty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde gulluk iş saparynda bolar.