SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. ... Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýa...
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýedinjiň maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we döwletimiziň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, birnäçe kanunlar we kanunçylyk-hukuknamalary kabul edildi. Maslahatyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ç...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, şol sanda, Türkmenistanyň agza bolup durýan adam hukuklary boýunça konwensiýalaryň, düzgünnamalarynyň we borçlaryň ýerine ýet...
Рост ВВП в Туркменистане сохраняется на уровне 6,3 процента
По итогам января-сентября 2019 года рост ВВП страны сохраняется на уровне 6,3 процента. В соответствии с результатами анализа показателей по министерствам и отраслевым ведомствам объём произведённой продукции за январь-сентябрь по сравнению с аналогичным периодом 2018 года вырос на 6,9 процента. По итогам девяти месяцев также обеспечен рост в негосударственном секторе экономики, доля которого в структуре ВВП составила 65,7 процента. Объём розничного товарооборота за отчётный период в сопостав...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «2021-NJI ÝYL — HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 03-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasyn...
100 ýyl mundan ozal Amyderýa jülgesinde ilkinji kitaphana açyldy
1919-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenabatda (şol wagt şähere Çarjuý diýilýärdi) edebiýaty halaýanlar üçin ilkinji kitaphana gapysyny açypdy. Şol wagt kitaphanada 5,5 müňden sähel gowrak kitap bardy. Edebiýatyň dünýägaraýşy kemala getirmekde, milliligiň dowatlygynda uly ähmiýeti bardyr. Şu jähtden Türkmenabadyň kitaphanalar ulgamy, tutuş ýurtda bolşy ýaly, soňky ýyllarda güýçli depginde ösdürilýär, onuň mady-tehniki binýady berkidilýär, döwrebap usulýet işläp taýýarlamalary we sanly te...