TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy. «K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy. «Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kil...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2019-njy ýylyň 4-6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi we iş duşuşyklaryny geçirdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus t...
Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy, Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentini FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernin...
BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARYŇ GOL ÇEKILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmen...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBITLEÝIN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komendanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ulgamynda işleriň gurallaryny kämilleşdirmegiň geljekki ädimlerini we mümkinçiliklerini...
TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...