TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINSITRI BILEN OMANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ DUŞUŞYGY
BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Hususan-da, taraplar nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa bilen duşuşdy. Bahreýn Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden Rezolýusiýalarynyň wajyplygyny aýratyn belledi. Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞMAGY
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň do...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt BAE-den we Türkiýeden gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. «Türkmensenagat eksport-import» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamidi bols...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMÇYLYGY BAE-DE HEM BELLENILDI
2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokar...
Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlik...