SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Miheil Ninuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlyk hem-de parlamantara gatnaşyklaryň netijeliligi barada aýdylyp geçildi. Ykdysady gatnaşyklaryň ö...
TBILISI ŞÄHERINDE ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkme...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de esaslyk ýagyny satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Russiýa, BAE...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 8-9-njy noýabrynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini we 2025-nji ýyla çenli YHG-nyň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça edilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de YHG-nyň çäklerinde we onuň daşynda...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞANHAÝ ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN 2-NJI HYTAÝ HALKARA IMPORT SERGISINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar. 5-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide HHR-yň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa hormatly myhman hökmünde sergä gatnaşdy. Bu çärä dünýäniň dürli sebitlerinden we 155 ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de...
RIMDE ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady. 7-nji noýabrda i...
ŽENEWADA GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Ženewada BMG-niň Milletler Köşgünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ženewada BMG-niň ýanyndaky Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň şeýle-de, synçy ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 18-nji Mejlisi hem-de GH-...