TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...
WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY
Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...
AŞGABAT WE BUDAPEŞT DÜRLI UGURLAR BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wenger egindeşi bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki köpugurly we sebitleýin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...
DUŞANBEDE «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň şäher rezidensiýasynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Ýaponiýanyň Daşary...