RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Mar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Barha gözel görke gelýän Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetýän ýokary sepgitlerine zähmetsöýer zenanlar uly goşant goşýar. Ýaş nesillerimizi Watanym...

DOWAMY
pic
7 Mar

«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar sarpalandy

Şu gün paýtagtymyzda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, sekiz we ondan-da köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Baýramçylyk mynasybetli...

DOWAMY
pic
7 Mar

Туркменская экономика демонстрирует устойчивый рост

Макроэкономические индикаторы января-февраля демонстрируют устойчивую динамику во всех отраслях народнохозяйственного комплекса. На уровне 6,2 процента держится показатель роста ВВП. За этот период прирост по сельскому хозяйству составил 3,1 процента, торговле – 10,7 процента, транспортно-коммуникационной отрасли – 10 процентов, в сфере услуг – 8,2 процента. В настоящее время в стране развёрнуто масштабное строительство различных объектов совокупной стоимостью свыше 35 миллиардов долларов...

DOWAMY
pic
7 Mar

Türkmenistan — ÝB: oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek — SARD III» Taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň bäşinji iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga biziň ýurdumyzdan we ÝB-den Taslamanyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. S...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BERLINDÄKI «ITB BERLIN 2019» HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞMAGY

2019-njy 6-njy martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «ITB Berlin 2019» atly 53-nji halkara syýahatçylyk sergisi öz işine başlady. Sergä Türkmeniatanyň syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň we ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti gatnaşýar. «ITB Berlin» sergisiniň gurnaýjysy bolup Germaniýanyň «Deutsche Messe АG» syýahatçylyk-söwda kompaniýasy çykyş edýär we ol sergi 1966-njy ýyldan bäri Berlinde her ýyl geçirilýän syýahatçylygyň dünýä sergisidir. «ITB Berl...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANYŇ SUW, ULAG WE ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY UGAMLARYNDA GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.  Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
6 Mar

AŞGABATDA STAMBUL PROSESINIŇ YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA TEHNIKI TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň “Sebit infrastrukturalary” Ynamy berkitmek çäreleriniň çäginde oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, şeýle hem sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Çärä Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň wekil...

DOWAMY