TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz öz hatynda bu pajygaly habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belläp, şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban...
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deň...
2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik...
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy. Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy. Iki çempionyň arasynd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ PEKINIŇ HALKARA IŞEWÜRLIGI WE YKDYSADYÝET UNIWERSITETINDÄKI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 3-9-njy marty aralygynda düzüminde Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instutynyň prorektorlary bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Gazna biržasynyň, Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň, şeýle hem Pekin şäherindäki brokerlik hyzmatlary boýunça konsalting kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşuklary geçirdiler. Pekiniň Halkara işewürligi we ykdysadyýet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we türk...
MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi mata, hojalyk we mebel pamygy, nah ýüplük, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: RF, BAE, Türkiýe, Est...