RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň gün tertibi wakalara baý bolar. Hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Saparyň barşynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler, şeýle hem iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler. Şeýle hem şu hepde ÝHHG-niň Aşgabatdaky...

DOWAMY
pic
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Fransuz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli g...

DOWAMY
pic
15 Apr

Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň w...

DOWAMY
pic
14 Apr

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylyk sungatyny täzeden döretmek we ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary netijesinde milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty ýurtlara we yklymlara dolup, olaryň üstünlikli çykyşlary dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz, halk atşynasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gysga taryhy döwürde ýurdumyzda atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ömrüni arzyly hünäre — atçylyga bagyşlan atşy...

DOWAMY
pic
13 Apr

Aşgabatda «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi we halkara maslahat geçirildi

Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarka geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny — öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady. Her ýyl geçirilýän serginiň çäklerinde Watanymyzy has-da ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýok...

DOWAMY
pic
13 Apr

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni benzini satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Ş...

DOWAMY
pic
12 Apr

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELÝÄR

2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.

DOWAMY