TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...
DUŞANBEDE «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň şäher rezidensiýasynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Ýaponiýanyň Daşary...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞENBE ŞÄHERINDÄKI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Täjigistana gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kononyň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini...
ÝAPONIÝANYŇ MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono Ilki bilen, Daşary işler ministri wezipesine bellenenimden soňra ilkinji gezek Merkezi Aziýa topragyna gadam basyp bilýändigim üçin özümiň çäksiz begenjimi beýan edýärin. Şu gün men Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisine gatnaşýaryn we bu meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Merkezi Aziýa...
BMG-NIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ IŞ MEÝILNAMASYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...