TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady. «Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris» diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär. Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatl...
Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary
Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Türkmenistanyň...
GFR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN HOŞLAŞYK DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margret Ýubber bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy hanym Ýubbere türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda nemes diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orun eýe...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň energetika baradaky komissiýasynyň agzasy, eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Kuroş Karam Pur Hagygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwa...
Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynda aýratyn möhüm orun degişlidir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş düzümlerini döretmek...
Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny g...
Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu täsin söwda ýoly bilen baglanyşykly taryhy künjekleriň örän möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär, bu ýol köp asyrlaryň we hatda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň halklaryny birleşdirmek üçin hyzmat edipdir. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk taryhynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetler, taryhyň dürli döwürlerinde bo...