TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR
2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...
TÜRKMENISTANDA HAZAR DEŇZI INSTITUTY DÖREDILDI
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Permana laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edildi we Hazar deňzi instituty onuň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi. Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we m...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Rifat Hisarjyklyoglu halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, hususan-da, ykdysady...
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENSTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfe...
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup durýar. «Çalyk Ho...
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen özara bäh...
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisä ýurduň Kair şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz...